Maskyň "içgysgynç" kompaniýasy transatlantik tuneli 1000 esse arzan gurmaga taýyn

  • 23.12.2024 15:42
  • 8.2k+

The Metro öň 20 trillion dollara Atlantik ummanynyň aşagyndan tunel geçirmek pikiri barada habar beripdi. Şeýle tunel Nýu-Ýork bilen Londonyň arasyndaky ýola sarp edilýän wagty 8 sagatdan 54 minuta çenli azaltmaga mümkinçilik bererdi.

Ilon Mask bu habara jogap edip, özüniň The Boring Company kompaniýasynyň bu taslamany 20 milliard dollara durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy. Mask kompaniýanyň tehnologiýalarynyň şeýle taslamalaryň bahasyny ep-esli arzanladyp biljekdigini öňe sürýär.
The Boring Company (iňlis dilinden terjime edilende – Içgysgynç kompaniýa) ýerasty gurluşyk pudagynda innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak üçin 2016-njy ýylda milliarder tarapyndan esaslandyrylypdy. Hususan-da, 2022-nji ýylda telekeçi Tesla üçin Maýamidäki ulag dykynlaryna düşmezlik üçin, ýerastyndan hereket eder ýaly tunel gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Şeýle-de bolsa, bu hem The Boring Company kompaniýasynyň beýleki başlangyçlary ýaly, Los-Anjeles we Nýu-Ýork üçin tunel geçirmek meýilnamasy hem dowamsyz galdy.
Transatlantik tuneliň ideýasy taslama bolmagynda galýar we ony durmuşa geçirmegiň geljegi entek belli däl. Mask buraw işlerine täze çemeleşmeler arkaly çykdajylary azaltmagyň mümkindigini, ýöne taslamanyň üstünlikleriniň tehniki we ykdysady durmuşa ukyplylygyna baglydygyny aýtdy.


27.04.2026 23:00
2.2k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.1k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.8k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

29.03.2026 23:55
6.3k+

Ilon Mask ABŞ-da öz hasabyna üç sany ýolagçy tunelini gurar

Ilon Maskyň esaslandyran «The Boring Company» kompaniýasy ABŞ-da üç sany täze ýolagçy tuneliniň gurluşygyna başlaýandygyny yglan etdi. Bu taslamalaryň ählisi kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna doly......