“Supermeniň” tizeri Warner Bros. üçin rekord tomaşa çöpledi. Oňa bir günde 250 million gezek tomaşa edildi

  • 23.12.2024 15:02
  • 4.1k+

Täze “Supermen” filminiň tizer-treýleri ilkinji 24 sagadyň dowamynda 250 million tomaşaçy toplap, Warner Bros.-yň taslamalarynyň arasynda iň meşhury boldy. Filmiň režissýory Jeýms Gan bu barada sosial ulgamlarynda habar berdi.

“Kripto bizi hakykatdanam halas etdi. “Supermen” filmine 250 milliondan gowrak gezek tomaşa edildi we sosial ulgamlarda ol barada, takmynan, 1 million gezek ýazyldy. Ol DC-niň we Warner Bros.-yň taryhynda iň köp görlen we ara alnyp maslahatlaşylan treýler boldy "-diýdi.

Tizerde Supermeniň kino älemi üçin gahrymanyň iti Kripto, Gyrgy gyz, Gaý Gardneriň Ýaşyl Çyrasy, mister Terrifik we Metamorf ýaly täze keşpler bar.
Ganyň sözlerine görä, film gahrymanyň tutuş mifologiýasyny öz içine almaga çalyşýar: "Biz onuň super gahryman dostlaryny, çylşyrymly gatnaşyklarda bolan  gahrymanlary, öň ekranda görünmedik köp gülkünç zatlary görkezmek isleýäris."
Tomaşa ediliş nukdaýnazaryndan treýler “Joker: Iki adamlyk telbelik” (167 million) we “Tapmaça 2” (157 million) filmlerinden öňe geçdi, ýöne rekordda “Dedpul we Rosomaha” filminden (365 million) yza galdy. Filmiň ilkinji görkezilişi iýul aýyna meýilleşdirilýär.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....