Täjigistanda Ragun GES-niň (gidroelektrik stansiýasy) gurluşygy ekologiýa nukdaýnazaryndan bolşy ýaly, durmuş-ykdysady babatda hem köp sanly soraglary ýüze çykarýar. Dünýäde iň iri GES-leriň biri bolmaga dalaş edýän bu taslama şol bir wagtda daşky gurşaw we ýerli ilat üçin çynlakaý töwekgelçilikleri hem döredip biler.
Ekologiýa meseleleri
335 metr beýiklikdäki bendiň gurluşygy Wahş we Amyderýa derýalarynyň ekoulgamlaryna uly täsir ýetirip biler. Taslamanyň çägindäki suw howdany derýalaryň tebigy akymyna täsir edip, Täjigistanyň we goňşy döwletleriň oba hojalyk ýerlerine zyýan ýetirip biler. Bu täsir, suw üpjünçiligine bagly bolan ýedi milliondan gowrak ilatyň ekin meýdanlarynda ýaramaz täsirini galdyrar.
Mundan başga-da, taslama ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen "Tigrowaýa balka" goraghanasyna hem howp salýar. Bu sebitde seýrek duş gelýän ösümlik we haýwan görnüşleri bolup, ekoulgamlaryna täsir edilmegi bilen olara ýok bolup gitmek howpy abanyp biler.
Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler
GES-niň energiýanyň arassa çeşmesi hökmünde mahabatlandyrylmagyna garamazdan, taslama Täjigistanyň energiýa ulgamynyň uglerod yzyny 60% ýokarlandyryp biler. Suw howdanyndan çykýan bug gazlarynyň emissiýasy sebitiň dekarbonizasiýa bilen bagly maksatlaryny şübhe astyna goýýar.
Näme teklip edip bolýar?
"Serhetsiz derýalar" ýaly ekologiýa guramalary dürli çemeleşmeleri hödürleýär. Meselem: bentiň beýikligini 70 metr peseltmek arkaly:
- 40 müňden gowrak adamyň öz öýlerini terk etmeginiň öňüni alyp bolar;
- Täjigistanyň gyş paslynda energiýa ýetmezçiligini aradan aýyrmaklygy ozalky meýilnamada bellenilen möhletden birnäçe ýyl öň gazanmak;
- Bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak;
- Elektrik energiýasynyň bahasyny arzanlatmak we taslamanyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak.