Amerikaly bir adam 50 ýyldan soň kitaphana alan kitabyny gaýtardy. Emma oňa kitaby özünde galdyrmaga rugsat berdiler

  • 18.12.2024 12:02
  • 14k+

Detroýtda täsin bir waka boldy: 63 ýaşly Çak Hildebrandt ýarym asyrdan soň kitaphana alan kitabyny gaýtaryp berdi. Uzak wagtdan soňky gaýdyp geliş kyssasy barada “The Associated Press” habar berýär.

Çak Hildebrandt Çikagoda ýaşaýar. Ol 13 ýaşynda Minnetdarlyk gününi bellemek üçin Detroýtyň golaýyndaky Uorren şäherindäki garyndaşlaryna baryp gördi. Çak Hildebrandt uly beýsbol muşdagy bolmak bilen, ol ýerdäki ýerli kitaphanadan "Beýsbolyň iň şöhratly ýyldyzlary" atly kitaby okamaga aldy. Bu waka 1974-nji ýylda bolupdy, ýöne ol kitaby diňe şu wagt yzyna gaýtarmaly diýen karara geldi.
Hakykat ýüzünde Çak ýaşaýan şäherini köp gezek üýtgedi. Adamlar göçüp baranda, kitaplaryň diňe gutulara salynýandygyny we olaryň biriniň kitaphanaňkydygyny duýmaýandygyny düşündirýär.
Çak bäş-alty ýyl ozal kitaplaryna göz aýlap, olaryň biriniň Dýui ulgamyna laýyklykda gol çekilendigini bildi. Onuň içinde 1974-nji ýylyň 4-nji dekabrynda gaýdyp gelmeli senesi bellenilipdir.
Çak kitabyň gaýtarylmagyny aýratyn bir waka etmek üçin onuň 50 ýyllygyna çenli garaşmak kararyna geldi. Ol ýakynda kitaphananyň müdiri Oksana Urban bilen duşuşdy we gaýtarylmadyk kitaby barada düzgün boýunça (näme jerimesi bar bolsa tölemegi) gürleşmegi teklip etdi.
Şeýle-de bolsa, kitaphanaçylar ondan jerime talap etmejekdiklerini we kitaby özünde saklap biljekdigini ynandyrdylar.

“Köpleriň kitaby yzyna tabşyrmaga we kitaphananyň kazyýetiniň öňüne çykmaga batyrlygy ýok. Emma bu ýagdaýda kazyýet işi bolup bilmez: sebäbi kitap ulgamymyzdan ýitdi, şonuň üçin onuň bizden alnandygyny-da bilmeýärdik" diýip, Urban ýerli žurnalistlere aýtdy.

Şeýlelikde, kitap Çak bilen galdy. Barybir ol adam, kitaphanaçylara nähilidir bir usul bilen ýitgiň öwezini gaýtaryp bermeli diýen karara geldi. Netijede, ol 4564 dollar möçberinde haýyr-sahawat ýygnady. Ony bolsa okamagy mahabatlandyrýan gurama sowgat etdi. Özi-de şol mukdaryň ondan birini, ýagny 457 dollary goşant hökmünde töledi diýip, vfokuse.mail.ru ýazýar.


düýn 23:56
3.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.1k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......