Hytaý sagatda 1000 km tizlige ýetip bilýän otlular üçin liniýalary gurýar. Olar Boeing-den çalt

  • 13.12.2024 12:24
  • 13k+

Hytaýda sagatda 1000 km tizlige ýetip bilýän maglew-otlulary üçin täze liniýanyň gurluşygyna başlandy. Bu Boeing 737 ýolagçy uçarynyň kreýser tizligi bilen deňeşdirilýär diýip, Daily Mail ýazýar.

Uzynlygy 48,7 km bolan otly şahasy Hunan welaýatynyň Çanşa we Lýuýan şäherlerini birleşdirer.
Bahasy, takmynan 1,4 milliard dollar töweregi bolan taslama howanyň garşylygyny azaltmaga we otlularyň rekord tizlige ýetmegine mümkinçilik berýän magnit lewitasiýasy tehnologiýasyny we giperlupy ulanýar. Maglew ulgamy eýýäm Hytaýda, esasanam Şanhaýda ulanylyp ýör, şuňa meňzeş otly sagatda 430 km tizlige ýetýär we bary-ýogy 7,5 minutda 30 km geçip, her gün müňlerçe ýolagçyny gatnadýar.
Şol bir wagtyň özünde hytaýly inženerler adatdan daşary tizlikde hereket edip bilýän otlulary döretmäge mümkinçilik berýän wakuum tunellerini synagdan geçirýärler. Geljekde şeýle tehnologiýalar iri şäherleriň arasyndaky gatnawyň wagtyny ep-esli azaldyp biler.
Taslamany durmuşa geçirmek üçin ep-esli maýa goýumy we wagt gerek. Muňa garamazdan, şeýle tehnologiýalarda öňdebaryjy bolmak ugrunda Hytaý bilen  eýýäm Germaniýadyr Ýaponiýa bäsleşýär.


11.06.2026 23:52
7.8k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.8k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......