ABŞ-da iň beýik diňiň gurluşygy awiasiýa töwekgelçiligi sebäpli togtadyldy

  • 14.12.2024 13:57
  • 15k+

ABŞ-da iň beýik bina bolmaly bolan Oklahoma-Sitidäki The Boardwalk at Bricktown diňiniň gurluşygy awiasiýa howpsuzlygy bilen bagly howatyrlanmalar sebäpli togtadyldy. Howa hereketi üçin bolup biljek howp barada Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) mälim etdi.

Ýerli häkimiýetler we awiasiýa hünärmenleri 581 metr beýiklikdäki diňiň sebitdäki üç howa menzili, şol sanda Uill Rojers adyndaky halkara howa menzili we Tinker awiabazasy üçin kynçylyk döredip biljekdigini aýdýarlar. Binanyň beýikligi uçuş we gonuş ýollarynyň üýtgedilmegini talap eder, bu bolsa heläkçilik howpuny ýokarlandyryp biler.
Mundan başga-da, Oklahoma-Siti harasatlaryň işjeňliginiň ýokary bolan zolagynda – “Tüweleýleriň alleýasynda” ýerleşýär. Ýaşaýjylar binanyň güýçli ýele garşy ejiz bolmagyndan gorkýarlar, bu hem goşmaça howp döredýär.
Diň beýikligi 105 metre ýetýän ýene üç binany öz içine alýan meýilleşdirilen toplumyň bir bölegidir. Kaliforniýaly milliarder Skot Mettesonyň başlangyjyndaky 1,6 mlrd dollarlyk taslama 2025-nji ýyla süýşürildi. Işewür FAA-nyň gutarnykly çözgüdine garaşýar.
Bu diň şäheriň häzirki rekord eýesinden – 257 metr beýiklikdäki Dewon Tauer diňinden iki esse beýik bolardy. Şeýle-de bolsa, 700 müň adamdan ybarat ilaty bolan Oklahoma-Sitiniň köp ýaşaýjysy şähere şeýle ägirt uly taslamanyň hakykatdan hem gerekdigine şübhelenýär.


22.06.2026 00:57
5.4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......