Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýa saparynyň çäklerinde "PETRONAS” binasyna baryp gördi

  • 20.12.2024 21:34
  • 14k+

19-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde “PETRONAS” binasyna bardy hem-de bu ýerde Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Duşuşykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de döwrüň talaplary nukdaýnazaryndan, onuň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Nebitgaz senagaty Türkmenistanyň depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzyň energetika mümkinçilikleriniň ulanylmagyna Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň uly goşant goşýandygy aýratyn bellenildi. Kompaniýa 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak boýunça durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşýar. Şeýle hem nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda degişli işleri alyp barýar. Ýangyç-energetika toplumy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi uly ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de “PETRONAS” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady ösüş maksatnamalaryny, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutmak bilen, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra döwlet Baştutany “PETRONAS” binasynyň “Skybridge” syn ediş köprüsine bardy. Bu ýerde kompaniýanyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentini binanyň taryhy hem-de aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar.
Bu meşhur bina 88 gatdan ybarat bolup, beýikligi 451,9 metre deňdir. Bina 6 ýylyň dowamynda gurlupdyr. Onuň taslamasy argentinaly arhitektor Sesar Pelli tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Täsin desga diňe bir ägirt uly ölçegleri däl, eýsem, gurluşynyň çylşyrymlylygy bilen hem tapawutlanýar. Onuň ähli otaglarynyň tutýan meýdany 213 müň 750 inedördül metre deňdir. “PETRONAS” binasynda sergi we maslahat zallary, çeperçilik galereýasy, iş otaglary ýerleşýär. Binanyň gurluşygy üçin diňe Malaýziýada öndürilýän gurluşyk serişdeleri ulanylypdyr. Onuň üçin berk, şol bir wagtyň özünde çeýe beton işlenip taýýarlanylypdyr. Şoňa görä-de, ol şol ölçegdäki polat gurnama binalardan iki esse agyr gelýär. “Skybridge” syn ediş köprüsi binanyň 41-nji we 42-nji gatlarynda ýerleşýär. Köpriniň uzynlygy 58,4 metre, agramy bolsa 750 tonna barabardyr. 170 metr belentlikde gurlan “Skybridge” dünýäde iň beýik iki gatly köprüdir. “PETRONAS” binasynyň bu aýratynlyklary onuň syýahatçylyk taýdan ähmiýetini artdyrýar.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......