Ronaldunyň gymmaty näçe? Transfermarkt-da oýunçynyň bahasy rekord derejä çenli peseldi

  • 17.12.2024 10:44
  • 16k+

Transfermarkt portaly Saud Premýer-ligasynyň futbolçylarynyň bazar bahalaryna gaýtadan seretdi. Täzelenen maglumatlara görä, “Al-Nasr” klubunyň 39 ýaşly hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň gymmaty 15 mln ýewrodan 12 mln ýewro çenli pese gaçdy. Bu görkeziji onuň karýerasynda iň pes görkeziji boldy. Ol iň ýokary derejesinde 120 mln ýewro bilen bahalandyrylypdy.

Ronaldu indi saud pro-ligasynyň iň gymmat oýunçylarynyň onlugyna girmeýär. Sanawda birinji orny “Al-Ittihaddan” fransiýaly ýarymgoragçy Mussa Diabi eýeleýär, onuň bahasy (20 mln ýewro pese gaçyşdan soň) 35 mln ýewro barabar.
Bazar bahasynyň peselendigine garamazdan, Ronaldu öz kluby üçin möhüm oýunçy bolup galýar. Ol häzirki möwsümde klub üçin ähli ýaryşlarda 19 oýna gatnaşyp, 16 gol geçirdi we üç netijeli geçirim etdi.
Ronaldunyň bahasynyň peselmegi onuň ýaşy we dünýä futbolynda rolunyň üýtgemegi bilen baglanyşyklydyr, muňa garamazdan onuň oýny janköýerleriň ünsüni çekmegi dowam etdirýär.


şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......