“Mançester Sitiniň” öňki futbolçysy Mihail Kawelaşwili Gruziýanyň Prezidenti boldy

  • 16.12.2024 14:23
  • 13k+

Gruziýanyň parlamenti öňki futbolçy Mihail Kawelaşwilini Prezident saýlady. “Gruziýa arzuwy” dolandyryjy partiýasy tarapyndan hödürlenen dalaşgär ýurduň ilkinji göni däl Prezident saýlawlarynda ýeke-täk dalaşgär boldy diýip, RBK habar berýär.

Kawelaşwili 300 parlamentçiden 224 ses aldy. Prezident bolmak üçin azyndan 200 ses gerekdi.
Gruziýada ilkinji gezek Prezident 300 adamdan ybarat Saýlaw kollegiýasy tarapyndan saýlandy. Bu kollegiýa bir palataly parlamentiň 150 deputatyny, Abhaziýa awtonom respublikasynyň ýokary wekilçilikli edaralarynyň 20 wekilini, Adžariýadan 21 wekili we syýasy partiýalardan ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň (sakrebulo) 109 agzasyny öz içine alýar.
53 ýaşly Kawelaşwili – Gruziýanyň milli futbol ýygyndysynyň öňki hüjümçisi. Ol Tbilisiniň “Dinamosynda” (Gruziýa), “Mançester Sitide” (Angliýa) we Wladikawkazyň “Spartak-Alaniýasynda” (Russiýa) çykyş etdi. Kawelaşwili sport karýerasyny 2006-njy ýylda tamamlady, şondan soň syýasat bilen işjeň meşgullanyp başlady.


04.04.2026 22:25
2.3k+

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi birnäçe duşuşyklary geçirdi: syýasat, ykdysadyýet we lukmançylyk meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň edaralarynyň we ylmy edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirip, olaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek......

01.04.2026 19:38
6.6k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

01.04.2026 08:02
3.9k+

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýa resmi sapary: ykdysady we syýasy hyzmatdaşlyk täze derejä çykarylýar

2026-njy ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Gruziýa resmi sapary amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...