Toyota düýbünden täze 4Runner wnedorožnigini çykarar. Bahasy bary-ýogy 65 dollar gymmatlady

  • 15.12.2024 11:29
  • 14k+

2025-nji ýylyň täze Toyota 4Runner wnedorožnigi indiki ýylyň başynda satuwa çykarylar. Motor1-iň habar bermegine görä, bu modeliň soňky 15 ýylda ilkinji doly täzelenişidir.

Wnedorožnigiň esasy wersiýasynyň bahasy 42 220 dollardan başlar, bu bolsa 2024-nji ýylyň 4Runner SR5-niň esasy wersiýasyndan bary-ýogy 65 dollar gymmatdyr.
Wnedorožnik indi täze hereketlendiriji we geçiriji bilen enjamlaşdyryldy. 4Runner atmosferaly 4,0 litrlik V6 hereketlendirijisini we 5 tizlikli geçirişini ýitirýär. Olaryň deregine iki hereketlendiriji elýeter bolar. Olar - 278 at güýji bolan 2,4 litrlik dört silindrli turbo görnüşli hereketlendiriji we 326 at güýji bolan, 100 km üçin 9,8 litre çenli ýangyç sarp edýän I-Force Max gibrid gurluşy.

Alyjylar TRD Pro we iň soňky Tacoma-da çykan täze Trailhunter ýaly, dokuz sany komplektasiýadan birini saýlap bilerler.
SR5 we TRD Sport 2WD modelleri - eltip bermek hyzmaty bilen bile hasaplanyňda 50 000 dollardan geçmeýän ýeke-täk komplektasiýalardyr. TRD Sport-a doly hereketli tigirler goşulsa baha 2000 dollar ýokarlanar. Trailhunter bilen TRD Pro modelleriň iň gymmadydyr, olaryň her biri eltip berme hyzmaty bilen birlikde 68 350 dollar durýar. Bu Tacoma-nyň deňeşdirip boljak modellerinden birnäçe müň dollar gymmat. Şeýlelik bilen, 2025-nji ýylyň Tacoma Trailhunter-iniň bahasy 64 850 dollar, Tacoma TRD Pro-nyň bahasy bolsa - 65 350 dollar.


düýn 21:15
3.5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....