Inýestanyň hoşlaşyk duşuşygynda "Barselonanyň" weteranlary "Realyňkylardan" üstün çykdy

  • 16.12.2024 23:10
  • 14k+

Andres Inýestanyň karýerasynyň tamamlanmagyna bagyşlanan oýunda “Barselonanyň” ady rowaýata öwrülen oýunçylary “Realyň” weteranlaryny ýeňdi. Oýun katalon toparynyň peýdasyna 2:1 tamamlandy.

Hasap birinji ýarymyň ortasynda iki klubda-da oýnan Hawýer Sawiolanyň tagallasy bilen açyldy. Ikinji ýarymyň 69-njy minudynda “Realyň” weterany Hawýer Balboa hasaby deňledi. Madridlileriň öňki goragçysy Fernando Sansanyň goşmaça berlen wagtda geçiren goly “Barselona” ýeňiş getirdi.
“Barselona” üçin 674 gezek çykyş eden, 57 gol geçirip, 135 netijeli pas beren Inýesta ýyldyzlaryň gurşawynda özüniň hoşlaşyk oýnuny oýnady. Onuň bilen birlikde meýdança Hawi, Iker Kasilýas, Roberto Karlos, Riwaldo, Lýudowik Žýuli, Rafael Markes, Hawýer Maskerano we Fabio Kannawaro ýaly meşhur futbolçylar çykdylar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......