Türkmenistanda “Ýylyň parlak ýyldyzy-2024” aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi

  • 17.12.2024 11:35
  • 21k+

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň 1-nji derejeli artisti-wokalisti Gylyçdurdy Durdyýew «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2024» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 16-njy dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda geçirildi. Bäsleşikde ýeňiji tomaşaçylaryň SMS arkaly iberen seslerini sanamak arkaly belli boldy. Jemleýji tapgyra 10 sany gatnaşyjy saýlandy.
«Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjylar iki aýdymy ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň ýeňijisi Gylyçdurdy Durdyýew Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurýagdy Tokgaýewiň «Senmidiň?» aýdymyny ýerine ýetirdi we Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen «Bu derdi» aýdymyna sazsyz hiňlenip berdi.
“Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi göçme kubok we gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.
Baş baýrakdan başga-da, bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlar göz öňünde tutuldy. Baýrakly orunlary eýelänleriň ählisine degişli diplomlar, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......