Aşgabatda Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

  • 16.12.2024 13:06
  • 15k+

15-nji dekabrda “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Şeýlelik bilen, Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy.

Sekizburçly ýyldyz we “2025” ýazgy bilen bezelen, köp sanly kümüşsöw garjagazlarda, dürli öwüşgindäki yşyklarda ýalkym saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.
Bu gezek Aýazbaba we Garpamyk Köpetdagyň etegindäki Arkadag şäheriniň şaýolunyň ugrunda ýerleşýän “Polatly” heýkel toplumynyň ýanynda, erteki gahrymany Akpamygyň we şadyýan Japbaklaryň ugratmagynda ýola düşdi. Olar 
“Akhan” binasyna we Arkadag şäheriniň baş arçasy oturdylan meýdança bardylar. Bu ýerde olary Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň artistleri öz baýramçylyk çykyşlary bilen garşyladylar. Ýolugruna Arkadag şäheriniň ajaýyp binalary bilen tanşan Aýazbaba we onuň dostlary her desganyň ýanynda bagtyýarlyk baradaky arzuwlar bilen garşylanyldy. Soňra olaryň ýoly Aşgabat şäherine tarap ugur aldy.
Aşgabatda olar 
Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdança, “Ylham” seýilgähine, “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezine baryp gördüler.
Soňra Aýazbabadyr Garpamyk ak paýtunda Aşyr dädäniň we paýtagtymyzyň ýaşajyk ýaşaýjylarynyň ugratmagynda iki gatly bezelen awtobusda paýtagtymyzyň baýramçylyk lybasyndaky köçeleri boýunça syýahat edip, Baş arça oturdylan “Älem” medeni-dynç alyş merkezine geldi.


şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.7k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....