Meksikada ýol çekip ýören gurluşykçylar gadymy piramidanyň üstünden bardylar

  • 13.12.2024 16:25
  • 19k+

Meksikanyň Idalgo sebitinde gurluşykçylar täze gara ýoly çekip ýörkäler 1375 ýaşly piramidanyň üstünden bardylar. Tapyndy asteklere garaşsyzdygy bilen tanalýan, Ispaniýadan öňki Mestitlan şalygyna degişlidir. Açyş barada Interesting Engineering neşiri gürrüň berýär.

Milli antropologiýa we taryh institutynyň (INAH) berýän maglumatyna görä, Structure 1 diýlip atlandyrylan piramida bäş bölümi we 10 depäni öz içine alýan arheologiki toplumyň bir bölegidi.
San-Agustin-Meskititlanyň syýahatçylyk ministri Ektor Labra Çawes: "Tapyndy adam zähmetiniň 14 000 ýylyň dowamyndaky yzlaryny yzarlap boljak, sebitiň Ispaniýadan öňki baý geçmişini tassyklaýar" – diýip belledi.
Arheologlar bu sebiti öwrenmek üçin uçarmansyz uçarlary we öňdebaryjy derňew usullaryny ulandylar. Piramida bilen birlikde olar Meskanyň medeniýeti barada täze bilim berýän keramiki we organiki materiallary öz içine alýan başga-da ýüzlerçe artefaktlary tapmagy başardylar. Olar ýerli halklar üçin sebitiň nähili medeni ähmiýetiniň bolandygyny tassyklaýarlar.
Çeşmeleriniň çäklidigi sebäpli piramidanyň ýok bolup gitmeginiň öňüni almak  üçin, goragy berkidildi. Ondan öň desgany  berkitmek üçin gorag diwary (uzynlygy 43 m we beýikligi 11,7 m) gurlupdyr. Berkidilmezden ozal binýadynyň elementleri geotekstil (gorag üçin ulanylýan sintetiki süýümlerden ýasalan ýörite çydamly material) bilen örtüldi. Indi piramida fiziki taýdan elýeterlilik çäklidir, ýöne toplanan maglumatlar we materiallar mundan beýläkki barlaglar üçin esas bolar.
Geljekde taryhy ýadygärligi has jikme-jik öwrenmek üçin tagalla edilip bilner.


13.06.2026 12:29
5.8k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......