FAO Türkmenistanda akwa önümçilik üçin iýmler boýunça okuw seminaryny geçdi

  • 21.12.2024 19:47
  • 2.1k+

2024-nji ýylyň 19-20-nji dekabrynda “Arçabil” myhmanhanasynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) tarapyndan suw jandarlary üçin iýmleriň önümçiligini, olaryň hilini we durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli okuw seminary geçirildi.

Çäre FAO-nyň “Akwa önümçiligi üçin iýmitleriň önümçilik-ýerlemek zynjyrynyň we suw haýwanlarynyň saglygyny goramagy dolandyrmagyň netijeliliginiň ösüşi” TCP/TUK/3902 taslamasynyň çäklerinde geçirildi.
Seminara döwlet edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, şeýle-de milli balyk iýmlerini öndürijiler gatnaşdy. Okuwy FAO-nyň halkara hünärmeni Tomas Şipton geçirdi.
Çäräniň esasy mowzuklary suw jandarlary üçin iýmleriň taýýarlanyş usulyny işläp taýýarlamak, olaryň önümçiligi we fermalarda dolandyrmak boldy.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň halkara bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow öz çykyşynda balyk ösdürip ýetişdirýän fermalaryň öndürijiligini we önümçiligiň ekologiýa taýdan durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi.
Bu seminar öndürijileriň, balykçylaryň we pudak edaralarynyň kwalifikasiýasyny ýokarlandyrmaga, şeýle-de ýerli öndürilen akwa iýmleriň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ýene bir maksat – iýmleri netijeli dolandyrmagy we ykdysady taýdan esasly taýýarlanyş usullaryny düzmegi öwretmek. 


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......