Hytaý üstaşyr geçýän syýahatçylaryň ýurtda wizasyz bolmak möhletini 10 güne çenli uzaltdy

  • 20.12.2024 12:18
  • 10k+

Hytaý häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylaryň ýurtda wizasyz üstaşyr bolmak möhletini 3 we 6 günden 10 güne çenli uzaltdy. Bu barada HHR-iň Immigrasiýa işleri boýunça Döwlet edarasyna salgylanyp, “Sinhua” agentligi habar berýär.

Mundan başga-da, ýurtda üstaşyr geçýän syýahatçylaryň galyp biljek zolaklary giňeldildi.
Täze çäreler dünýäniň 54 ýurdunyň raýatlaryna degişli bolar. Olar üstaşyr üçünji ýurda ýa-da sebite geçenlerinde Hytaýa wizasyz girip biler.
Syýahatçylar 24 welaýatda, awtonom sebitlerde we merkezi tabynlykdaky şäherlerde ýerleşýän 60 barlag-geçiriş nokadynyň islendik biriniň üsti bilen ýurda girip biler. Täze syýasatyň aýratynlygy sebitara syýahat mümkinçiligi bolup, bu daşary ýurtlulara 10 günüň dowamynda görkezilen 24 administratiw birlikde erkin syýahat etmäge mümkinçilik berýär.
2024-nji ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda Hytaý, takynan, 29,22 mln daşary ýurtlyny kabul etdi, bu bolsa geçen ýylkydan 86,2% köpdür. Şolardan 17,45 mln adam Hytaýa wizasyz girdi we bu hem geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 123,3% köpdür.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......