“28 ýyl soň” filminiň treýleri horror filmleriň taryhynda ikinji iň köp tomaşa edilen boldy

  • 20.12.2024 07:41
  • 2.9k+

Köpden bäri garaşylýan “28 ýyl soň” (28 лет спустя) filminiň treýleri ähli wideo hostinglerde hakyky hit boldy. Wideo ilkinji günde 60 mln tomaşa ýygnap, horror žanryndaky filmleriň taryhynda iň meşhur ikinji treýler boldy diýip, Deadline habar berýär.

Birinji orny henizem ilkinji 24 sagatda 96 mln gezek görlen “Ol 2” (Оно 2) filminiň treýleri saklaýar.
Denni Boýluň täze filminiň sýužeti ölýän ejesine kömek etmek üçin lukman gözleýän ýaş adam barada gürrüň berýär. Täze treýlerde zombi bilen Aaron Teýlor-Jonson we Reýf Faýns göreşýär. Sýužet “28 gün soň” filminiň wakalaryndan 28 ýyl soň ýaýbaňlanýar. Geljekki film franşizanyň üçünji bölümi bolar.
Birinji filmde baş keşbi Killian Mýorfi ýerine ýetirdi: onuň gahrymany Jim komadan oýanyp, tutuş dünýäni wirusyň gurşap alandygyny bilýär. 2002-nji ýylyň filmi zombi-apokalipsis žanrynyň nusgawy lentasy boldy we 8 mln dollar býujet bilen prokatda 84 mln dollar gazandy.
2007-nji ýylda Huan Karlos Fresnadilýonyň režissýorlygynda onuň dowamy “28 hepde soň” çykdy. Asyl filmiň ssenarisiniň awtorlary Denni Boýl we Aleks Garlend edil Mýorfi ýaly ikinji bölümiň üstündäki işlere gatnaşmady. Ýöne olar täze taslamada işiň başyna gaýdyp geldi.
“28 ýyl soň” doly iPhone 15 Pro Max smartfonynda düşürildi. Filmiň global premýerasy 2025-nji ýylyň 20-nji iýunynda bolar.


şu gün 11:31
83

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....