Iwan Wolynkin 2025-nji ýylda türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň geljegi barada gürrüň berdi

  • 19.12.2024 14:06
  • 3.9k+

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin 2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň netijelerini jemledi. Ilçihanada geçirilen metbugat ýygnagynda diplomat ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ugurlary barada çykyş etdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň saýtynda habar berilýär.

“Diplomatik gatnaşyklaryň otuz ýyldan gowrak taryhynda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan aýratyn, pugta gatnaşyklar kemala getirildi. Muny 2022-nji ýylda ýurtlarymyzyň baştutanlary tarapyndan gol çekilen Strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky jarnama hem tassyklaýar "-diýip, Wolynkin .

Ilçiniň sözlerine görä, iki ýurduň baştutanlarynyň köp sanly saparlary ýylyň iň täsirli pursatlary boldy. Hususan-da, 2024-nji ýylda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa sapar bilen üç gezek bardy, onuň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bolsa şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi.
Wolynkiniň aýtmagyna görä, ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklary täsirli netijeleri görkezdi.

“Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlaryndan biri bolmagynda galýar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara rus-türkmen topary üstünlikli işleýär. Şeýlelik bilen, 30-njy oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Hökümet başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk egindeş başlyklary bilen duşuşmak üçin Aşgabat şäherine geldi. Saparyň dowamynda ol 2024-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwdanyň möçberiniň 58% artandygyny habar berdi "- diýip, diplomat ýatlatdy.

Wolynkiniň aýtmagyna görä, syýahatçylyk wizalarynyň sanynyň köpelmegine hem garaşylýar.

“1-nji dekabra çenli 109 müňden gowrak wiza berildi, şolardan 30 ýarym müňi okuw wizasy, 58 müňi bolsa syýahatçylyk wizalarydyr. Bu sanlar, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 50% ýokary we berlen syýahatçylyk wizalarynyň sany boýunça ösüş 60% -den gowrak boldy "- diýip, Russiýanyň ilçisi habar berdi .

Ilçi parlamentara we bilim boýunça gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny ýene bir möhüm üstünlik diýip atlandyrdy.
2024-nji ýylda Russiýada 47 müňden gowrak talyp bilim alýar.
Wolynkin: “Üstümizdäki ýylda Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň türkmenistanly dalaşgärlere federal býujetiň hasabyna Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin bölüp beren kwotasy iki esse artdy. Ol 500 ýer boldy we bu görkeziji 2025/2026-njy okuw ýylyna kabul edişlik kampaniýasynda hem öňküligine galar "- diýdi. Şeýle hem, başlangyç synp okuwçylary üçin täze mekdep binasyny gurmak üçin zerur bolan tassyklama amallarynyň soňky tapgyrda, tamamlanyp barýandygyny aýtdy.

Ol:"Onuň gurluşygynyň eýýäm indiki ýyl başlanmagyna garaşýarys" -diýdi.

Ilçi 2025-nji ýylda hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmegine umyt bildirdi we iki ýurduň ykdysadyýetde, medeniýetde we syýasatda täze başlangyçlary meýilleşdirýändigini aýtdy.


şu gün 00:27
280

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

şu gün 00:11
144

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde CICA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Baş sekretary Kaýrat Sarybaý bilen gepleşikleri geçirdi...

düýn 15:58
4.5k+

Eýranyň ilçisi ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berlen ynsanperwer kömegi hem-de beýleki ýurtlardan gelýän ynsanperwer ýükleriniň bökdençsiz geçirilmegine beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi...

düýn 09:14
3k+

Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi we forum açylýar

Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli guralan sergi we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu waka mynasybetli çärä gatnaşyjylary gutlady diýip, TDH habar berýär...