Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen resminamalar BMG-niň 6 dilinde neşir edildi

  • 19.12.2024 14:01
  • 1.9k+

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2024-nji ýylyň soňky çärýeginde Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde kabul edilen kararnamalar we resminamalar Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň resmi namasy hökmünde BMG-niň alty dilinde neşir edilip ýaýradyldy. Bu barada Orient BMG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyna salgylanyp, habar berýär.

Resminamalaryň arasynda aşakdakylar bar:

  • “Merkezi Aziýa parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy” atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň gün tertibiniň ady bir 64 belgili kararnamasy (resminama 79/5);
  • Gün tertibiniň 16 e), 18, 18a), 18 d), 26, 64 we 71 d) belgileri boýunça Durnukly ulag dostlaryň toparynyň ýokary derejeli duşuşyklarynyň jemleýji jarnamasy (resminama A/79/636);
  • Gün tertibindäki 16, 18i we 64 belgileri boýunça “Energetika özara baglanyşygyň gowulandyrylmagy: hyzmatdaşlyga ýardam etmek we durnukly ösüşi gazanmak” atly Halkara bilermenler mejlisiniň jemleýji hasabaty (resminama) A/79/594.

düýn 18:04
3.3k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......