Halkara zähmet guramasy adamlaryň iň az we iň köp işleýän ýurtlary barada maglumat berdi

  • 19.12.2024 12:24
  • 9.6k+

Halkara zähmet guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, dünýäde iş hepdesiniň dowamlylygy ortaça 43,9 sagat. Şeýle-de bolsa, medeni kadalar, ykdysady gurluşlar we zähmet syýasaty bilen bagly sebitler bu babatda biri-birinden ep-esli tapawutlanýar.

Infografikanyň awtorlary ýurtlar boýunça bir işgäre hepdede ortaça näçe iş sagadynyň düşýändigini görkezdiler. Maglumatlar, özbaşdak işleýänler baradaky maglumatlary hasaba almazdan, Halkara zähmet guramasyna agza 187 döwletiň 108-sini öz içine alýar.
Iň uzak iş hepdeli bäş ýurtdan dördüsi Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinden bolup çykdy:

  • Hindistan - 56 sagat;
  • Butan - 53,3 sagat;
  • Bangladeş - 50,4 sagat;
  • Uganda - 50,3 sagat;
  • Kamboja – 49,5 sagat.

Ýewropada iş hepdesi has gysga. Niderlandlaryň ilatynyň iş hepdesi iň gysga iş hepdesidir, olar hepdede ortaça 29,8 sagat işleýärler.
Halkara zähmet guramasynyň ülňülerine laýyklykda saglyga, howpsuzlyga, öndürijilige we iş bilen şahsy durmuşyň deňagramlylygyna ýaramaz täsir edýänligi sebäpli hepdede 48 sagatdan köp işlemek kadadan aşa artyk diýip hasaplanýar.


18.06.2026 22:08
3k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....