Tankytçylar 2024-nji ýylyň iň gowy filmlerini saýlady

  • 19.12.2024 12:11
  • 5.4k+

IndieWire amerikan portaly 177 professional kino tankytçysyndan pikir soraşmalaryň esasynda düzülen 2024-nji ýylyň iň gowy filmleriniň sanawyny hödürledi. Reýtingiň öňdebaryjysy “Anora” amerikan dramasy boldy.

Bu filmi 18 synçy birinji orunda goýdy.
Ikinji orunda Edrian Broudi bilen “Brutalist”, üçünji orunda “Nikeliň” oglanlary” ýerleşdi.
“Anora” iň gowy ssenariý taýdan hem tapawutlandy, ýöne filmiň režissýory Şon Beýker iň gowy režissor ady üçin ses berişlikde iki kärdeşinden – Breýdi Korbetden (“Brutalist”) we RaMell Rossdan (“Nikeliň” oglanlary”) yza galdy.

Tankytçylaryň baha bermeleri boýunça 2024-nji ýylyň iň gowy filmleri:

  1. “Anora” (Анора)
  2. “Brutalist” (Бруталист)
  3. “Nikeliň” oglanlary” (Мальчишки из “Никеля”)
  4. “Bize yşyk bolup görünýän zatlar” (Всё, что нам кажется светом)
  5. “Dalaşgärler” (Претенденты)
  6. “Men telewizoryň ýagtysyny gördüm” (Я видел свечение телевизора)
  7. “Substansiýa” (Субстанция)
  8. “Dýuna: Ikinji bölüm” (Дюна: Часть вторая)
  9. “Ahyrzamandan köp zada garaşmaň” (Не ждите слишком многого от конца света)
  10. “Ýowuz hakykat” (Суровая правда)

Tankytçylaryň baha bermeleri boýunça 2024-nji ýylyň iň gowy režissýorlary:

  1. Breýdi Korbet – “Brutalist”
  2. RaMell Ross – “Nikeliň” oglanlary”
  3. Şon Beýker – “Anora”
  4. Paýal Kapadiýa – “Bize yşyk bolup görünýän zatlar”
  5. Luka Guadanino – “Dalaşgärler”

Tankytçylaryň garaýyşlary boýunça 2024-nji ýylyň iň gowy ssenarileri:

  1. “Anora”
  2. “Hakyky agyry” (Настоящая боль)
  3. “Brutalist”
  4. “Dalaşgärler”
  5. “Konklaw”

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....