Emiliano Martines ikinji gezek ýylyň iň gowy derwezebany hökmünde The Best baýragyny aldy

  • 18.12.2024 16:20
  • 4.2k+

Angliýanyň “Aston Willa” toparynda çykyş edýän argentinaly derwezeban Emiliano Martines Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) tarapyndan 2024-nji ýylyň iň gowy derwezebany diýlip ykrar edildi. Baýrak Kataryň paýtagty Dohada geçirilen The Best FIFA Football Awards 2024 dabarasynda gowşuryldy.

Martines milli ýygyndylaryň kapitanlarynyň we tälimçileriniň, şeýle-de žurnalistleriň we janköýerleriň ses bermeginde 26 utuk gazandy. Ol bu baýragy soňky üç ýylda ikinji gezek alýar. Öň, argentinaly 2022-nji ýylda iň gowusy hökmünde saýlandy.
Şu ýyl iň gowularyň üçlügine “Mançester Sitiniň” hem Braziliýanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Ederson (16 utuk) we “Atletik Bilbaonyň” hem Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Unai Simon (13 utuk) girdi. Bulardan başga-da, baýraga ukrainaly Andreý Lunin (“Real”), ispaniýaly Dawid Raýo (“Arsenal”), italiýaly Janluiji Donnarumma (“PSŽ”) we fransiýaly Maýk Menýan (“Milan”) dalaş etdi.
Martines 2024-nji ýylda Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Amerikanyň Kubogyny utdy.
Oktýabr aýynda argentinaly oýunçy yzygider ikinji gezek Ýaşin baýragynyň – France Football žurnaly tarapyndan ýylyň iň gowy derwezebanyna berilýän baýragyň eýesi boldy.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......