Argentinaly derwezeban Martines yzygider ikinji ýyl Lew Ýaşin baýragyny aldy

  • 29.10.2024 14:53
  • 4.9k+

“Aston Willanyň” we Argentinanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Emiliano Martines 2023/2024-möwsüminiň jemi boýunça Lew Ýaşin adyndaky baýragyň eýesi boldy. Baýrak “France Football” žurnaly tarapyndan dünýäniň iň gowy derwezebanyna berilýär.

Ýeňijiniň ady Parižde geçirilen “Altyn top” baýragynyň gowşurylyş dabarasynda yglan edildi.
Belläp geçsek, Martines bu baýragy yzygider ikinji ýyl aldy. Möwsümiň dowamynda ol Argentinanyň milli ýygyndysy bilen bilelikde Amerikanyň Kubogyny utdy.
2023/2024-möwsüminiň jemi boýunça dünýäniň iň güýçli derwezebanlarynyň ilkinji bäşligi şeýle görnüşde:

  1. Emiliano Martines (“Aston Willa”);
  2. Unaý Simon (“Atletik”);
  3. Andreý Lunin (“Real”);
  4. Janluiji Donnarumma (“PSŽ”);
  5. Maýk Menýan (“Milan”).

düýn 13:51
8.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......