Audi Brýusseldäki zawodyny ýapar: 3 müň işgär işsiz galar

  • 18.12.2024 12:45
  • 6.6k+

2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Audi-niň Brýusseldäki zawody işlemegini bes eder. Bu ýerde diňe bir model – elekrik Audi Q8 öndürilýärdi diýip, Motor1 habar berýär.

2024-nji ýylda diňe 23 900 awtomobil ýygnaldy. Kompaniýa 2025-nji ýylda bary-ýogy 6 müň birlik çykarmagy meýilleşdirýär. Modeliň önümçiligi Meksika geçiriler.
Kompaniýa zawodyň ýapylmagyny uly we gymmat elektrokarlara bolan islegiň pese gaçmagy bilen düşündirdi. Audi-niň wekilleriniň aýtmagyna görä, Ýewropadaky kärhanalar şeýle awtomobiller üçin diýseň çykdajyly bolup galýar.
Zawodyň ýapylmagy üç müň işgäre täsir eder. Audi olara zähmet tejribesine we wezipesine baglylykda möçberi kesgitlenjek kompensasion bukjany teklip etdi: mukdar 190 müň ýewro ýetýär.
Audi-niň önümçilik ýolbaşçysy Gerd Uoker bu çözgüdi karýerasynda iň kyn çözgütleriň biri hökmünde belledi. Kompaniýa zawody saklamak üçin maýadarlary tapmaga synanyşdy, ýöne 26 dalaşgäriň hiç biri uzak möhletleýin iş meýilnamasyny teklip etmedi.


09.05.2026 13:31
2.3k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.7k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.3k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...