Aşgabatda Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi

  • 17.12.2024 12:55
  • 1.3k+

16-njy dekabrda Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi.

Serginiň açylyş dabarasynda EYR-nyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň bellemegine görä, şu gezekki giň gerimli gözden geçiriliş ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ony hil taýdan täze derejelere çykarmaga, söwda-ykdysady ulgamda bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Üç günüň dowamynda Eýranyň oba hojalygynda we azyk senagatynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleri öz öndürýän önümleridir hyzmatlary bilen tanyşdyrarlar, şeýle hem kärhanalaryň ösüş meýilnamasy we beýleki gyzyklandyrýan meseleler boýunça giňişleýin gürrüň bererler.
Sergi Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň pawilýony bilen açylýar. Onda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşini beýan edýän maglumatlara orun berilýär. Ilçihananyň diwarlygynyň ýanynda Eýranyň Gürgen we Gülüstan welaýatlarynyň Söwda-senagat edaralarynyň, Eýran-türkmen bilelikdäki Söwda-senagat edarasynyň bölümleri ýerleşdirilipdir. Olarda bu edaralaryň alyp barýan köpugurly işleri barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezilýär.
Sergi meýdançasy türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi, täze özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýän işewürlik duşuşyklarynyň we gepleşikleriň geçirilýän ýerine hem öwrüldi.
Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi. Duşuşygyň gün tertibinde iki ýurduň söwda-ykdysady mümkinçiligi bilen baglylykda, hususan-da, söwdada, oba hojalygy we azyk senagaty ulgamlarynda pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Serginiň ikinji gününde eýran kompaniýalarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça taslamalarynyň tanyşdyrylyş çäreleri geçiriler. Forumyň jemleýji gününde iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň we telekeçileriniň duşuşygy, foruma gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasy geçiriler.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....