NASA-nyň zondy Güne iň ýakyn aralyga uçmaga taýýarlanýar

  • 17.12.2024 10:58
  • 2.6k+

24-nji dekabrda NASA-nyň “Parker” kosmos enjamy kosmos uçuşlarynyň taryhynda Güne rekord derejede ýakynlaşar diýip, Space.com habar berýär.

Zond Günüň daşky täjini öwrenmek üçin niýetlenendir. Ol sagatda 690 müň kilometr tizlik bilen ýyldyzyň üstünden bary-ýogy 6,1 million kilometr aralykdan uçup geçer.
Bu taryhy hereketden öň alymlar “Parkerden” taýýardygy barada signal kabul etmeli. Eger missiýa üstünlikli bolsa, NASA zonduň kömegi bilen alnan ilkinji suratlary 2025-nji ýylyň başynda hödürläp biler.

“Biz taryha girmäge taýynlyk görýäris. “Parker” zondy ýyldyzymyz bilen baglanyşykly täze hakykata gözümizi açýar. Enjam tarapyndan iberilen maglumatlary gaýtadan işlemek üçin onlarça ýyl gerek bolar” – diýip, taslamanyň ýolbaşçysy Nur Rawafi aýtdy.

Kiçiräk awtomobiliň ululygyndaky kosmos enjamy 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Weneranyň töweregine soňky aýlawyny tamamlap, Güne tarap ugrady. “Parker” plazma akymyndan geçip, “inýän tolkunyň astyndan ýüzýän sýorfer ýaly” Gün zyňyndylarynyň sebitinden hem uçup geçer diýlip meýilleşdirilýär.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....