Russiýaly suwda ýüzüjiler 4x100 metr estafetada dünýä rekordyny goýdular

  • 17.12.2024 10:52
  • 5.9k+

Budapeştde suwda ýüzmek boýunça geçirilýän Dünýä Çempionaty 2024-de russiýaly ýüzüjiler dünýä rekordyny goýdular. Olar çempionatyň estafeta görnüşinde 4x100 metr aralygy gysga suwda (kiçi basseýnde) ilkinji geçip ýeňiji boldular.

Miron Lifinsewden, Kirill Prigodadan, Andreý Minakowdan we Ýegor Kornewden ybarat bolan bu topar aralygy 3:18.68 wagtda tamamlady. ABŞ-nyň topary 3:19.03 wagt bilen ikinji, italiýaly ýüzüjiler bolsa 3:19.91 wagt bilen üçünji orny eýelediler.
2024-nji ýyldaky gysga suwda ýüzmek boýunça dünýä çempionaty Budapeştde geçirilýär. Russiýadan gatnaşýan türgenler çempionatda bitarap dereje bilen çykyş edýärler diýip, championat.com habar berýär.


düýn 12:21
1.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

08.06.2026 12:15
2k+

Roman Şogjiýew grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy

Russiýaly Roman Şogjiýew taryhda grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Bu barada Russiýanyň küşt federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

05.05.2026 17:34
9.5k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....