Duolingo baýguşy “Kalmar oýnunyň” muşdaklaryna koreý dilini öwreder

  • 15.12.2024 17:40
  • 6.2k+

Daşary ýurt dillerini öwrediji Duolingo ykjam goşundysy we Netflix akym hyzmaty “Kalmar oýnunyň” ikinji möwsüminiň premýerasyna bagyşlanan bilelikdäki taslamany işe girizdiler.

Duolingo ulanyjylary üçin koreý diliniň sapaklarynda serialdan 40-dan gowrak esasy söz we “Hiç kime ynanma”, “Sen çykdyň” ýaly jümleler, şeýle-de “dalgona” – birinji möwsümiň üçünji bölüminden koreý süýjüliginiň ady peýda boldy.
Hyzmat serialyň iň belli pursatlaryna aralaşmak arkaly dile düşünmegi çuňlaşdyrmaga çalyşýar. Kompaniýalaryň hyzmatdaşlyk etmegine 2021-nji ýylda birinji möwsüm çykandan soň koreý dilini öwrenýänleriň sanynyň 40% artmagy itergi berdi. Belläp geçsek, goşundyda koreý okuwy diňe iňlis dilinde elýeterlidir.
Mundan başga-da, TikTok-da “Gyzyl çyra, ýaşyl çyra” stilinde filtr peýda boldy we bu ýerde ulanyjylar goşundynyň tumary – gözegçiniň gülgüne kostýumyny geçen baýguş Duonyň gatnaşmagynda ses ýumuşlaryny ýerine ýetirýärler. Ýalňyş bolan ýagdaýynda baýguş oýunçylary ýok edýär.
Şeýle-de, Netflix muşdaklar üçin çäreleri gurnar. Los-Anjelesde ýaryş geçirilip, onuň ýeňijileri ABŞ-daky premýera üçin petek alar. Premýera režissýor Hwan Don-hýok we aktýorlar, şol sanda baş keşbi ýerine ýetiriji Li Jon-je gatnaşar.
Beýleki şäherlerde (Nýu-Ýork, Madrid, Seul we Sidneý) muşdaklar “Squid Game: The Experience” interaktiw oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçilik alar. Mundan başga-da, 17-nji dekabrda Netflix Games tarapyndan işlenip düzülen “Squid Game: Unleashed” ykjam oýny çykar.
Serialyň ikinji möwsüminiň premýerasy 26-njy dekabrda geçiriler.


27.06.2026 11:31
2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
19k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....