Insaýder: Apple soňky alty ýylda ilkinji gezek iPhone-nyň kamerasynyň dizaýnyny täzelär

  • 15.12.2024 16:52
  • 9.8k+

Geljek ýyl Apple soňky alty ýylyň içinde ilkinji gezek iPhone-yň esasy kamerasynyň dizaýnyny üýtgeder. Maglumat üpjünçilik zynjyrlaryna salgylanýan abraýly insaýder Digital Chat Station tarapyndan tassyklandy.

Syzdyrylan maglumatlara görä, iPhone 17 Pro-daky we 17 Pro Max-daky kameranyň moduly smartfonyň arka paneliniň ýokarsynda, gönüburçly blogyň içinde bir setirde keseligine ýerleşer. Bu 2019-njy ýylda kompaniýa iPhone 11-iň pro wersiýalarynda kwadrat kamera bölümini hödürläni bäri  ilkinji uly üýtgeşme bolar.
Täze dizaýny diňe iPhone 17-iň Pro wersiýasy aljakmy ýa-da tutuş setir – takyk aýdylmaýar. Mysal üçin, 17 Air setiriniň ýekeje kamera bilen has ýönekeý dizaýny aljakdygy mälimdir.
Şeýle-de, Digital Chat Station kese ýerleşişiniň 2025-nji ýylyň smartfonlary üçin tendensiýa boljakdygyny öňe sürýär. Android enjamlaryny öndürijiler bu dizaýny kabul edip bilerler.
Täze daşky görnüşinden başga-da, iPhone 17 Pro ýene birnäçe gowulaşmalar garaşýar. Enjamda 48 megapiksel durulykda üç kamera, 12 GB RAM we güýçli A19 Pro prosessory bolup biler.
Apple iPhone-nyň täze setirini däp boýunça sentýabr aýynda yglan eder diýip garaşylýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...