“28 ýyl geçenden soň” atly filminiň treýleri çykdy: elhençlikler filmi iPhone 15 Pro Max-da surata düşürildi

  • 15.12.2024 11:41
  • 5.9k+

“28 ýyl geçenden soň” atly zombili elhençlikler filminiň ilkinji treýleri çykdy. 2025-nji ýylyň iýunynda çykjak bu film ABŞ-da “28 gün geçenden soň” (2002) atly kult zombi gorkunç filminiň dowamy bolar.

Filmiň özboluşly aýratynlygy - surata düşürmek üçin iPhone 15 Pro Max-yň ulanylmagydyr. Bu Golliwudda smartfona düşürilen ilkinji uly göwrümli taslamasy boldy. Treýlerden çen tutsaň, onuň hili täsirli bolupdyr.
Täze film franşizadaky üçünji film bolar. 2007-nji ýylda “28 hepde geçenden soň” atly filmiň birinji bölüminiň garaşsyz dowamy çykdy.
Filme "Oskar" baýragynyň eýesi, kinonyň hakyky lentalaryny goýujy Denni Boýl režissýorlyk etdi we ol bu filmiň edebi esasyny hem Aleks Garlend bilen bilelikde ýazdy. Täze filmde Killian Mýorfi ýene-de öň janlandyrýan keşbine gaýdyp geldi. Beýleki keşplerde Aaron Teýlor-Jonson, Jodi Kromer, Reýf Faýns we Jek O'Konnell bar diýip, 3dnews.ru ýazýar.


düýn 22:06
435

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 21:09
1.2k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....