Germaniýaly maşgala öýlerinde 605 sany arça bezäp, rekordyny gaýtaryp aldy

  • 15.12.2024 11:10
  • 10k+

Germaniýanyň Rinteln şäherinde ýaşaýan Jeromin jübüti öýlerinde alty ýüzden gowrak Täze ýyl arçasyny bezäp, baýramçylyk bezegleriniň sany boýunça täzeden rekord goýdular.

Sýuzanna we Tomas Jeromin baýramçylygyň öňüsyrasynda 605 sany arça bezediler. Bu jübütiň ozalky goýan rekordy 2017-nji ýyldan bäri saklanyp gelýärdi, ýöne 2022-nji ýylda täze rekord goýlupdy.
Arçalary bezemek üçin jübüt 120 müň bezeg oýunjaklaryny we 50 müň bezeg çyralaryny ulandylar. Arçalaryň her biri aýratyn görnüşde bezelipdir, olaryň dizaýny gaýtalanmaýar.
Arça agaçlary myhman otagda, aşhanada, hammamda we hatda hajathanada hem goýuldy. Jübüt diňe gyzynyň otagyny bezegsiz galdyrdy.
Tomas baýramçylyga taýynlyk görmekden lezzet alýandygyny aýtdy.

Ol: “Bu gaty täsin. Bu zatlaryň hemmesiniň şu ýerde ýalpyldap durmagy gaty gowy zat" - diýdi.

Jerominler her ýyl öýlerini Täze ýyl baýramçylygy üçin taýýarlaýarlar. Mundan başga-da öýüň täsin interýeriniň üstüni ýetirýän müňlerçe Täze ýyl heýkeljikleri hem bar.


düýn 22:32
3.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....