HGHK Türkmenistanda halkara ynsanperwer hukugy boýunça okuwlary geçirmek isleýär

  • 14.12.2024 17:55
  • 2.8k+

13-nji dekabrda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiç bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşygyň barşynda HGHK-nyň sebitiň çäklerinde, hususan-da, Türkmenistanda häzirki wagtda alyp barýan işlerine gysgaça syn berildi.
Halkara ynsanperwer hukugyny ilerletmek we milli kanunçylyga ornaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk babatyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen HGHK-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin meýilnamalaryna garadylar. Hususan-da, HGHK tarapyndan Türkmenistanyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde halkara ynsanperwer hukugy boýunça okuwlary we umumy sapaklary geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....