Instagram-daky täze funksiýa wideo çap edilmezden ozal reaksiýany barlamaga mümkinçilik berer

  • 13.12.2024 16:12
  • 3.6k+

Instagram wideolary abunaçylara görkezmezden ozal barlamak üçin döredilen täze “synag wideolary” funksiýasynyň açylandygyny habar berdi. Bu gural tomaşaçylary iň gyzyklandyrýan zadyň nämelerdigine düşünmek üçin mazmuny synag etmek isleýän kreatorlar üçin döredildi.

Funksiýanyň işleýşi ýönekeý. Awtor wideony ýükläp, Trial opsiýasyny işjeňleşdirip biler. Wideo diňe akkaundyňyza ýazylmadyk ulanyjylar üçin elýeterli bolar. Abunaçylaryňyz ony görüp bilmezler.
Neşir edilenden soň, 24 sagadyň dowamynda döredijiler görüşleri, halanýanlary we teswirleri goşmak bilen, jogap maglumatlary alýarlar. Eger synagyň netijeleri üstünlikli bolsa, wideony hemmeler üçin el bilen açyp ýa-da awtomatiki neşir edip bilersiňiz. Soňky wariant Instagram ilkinji 72 sagadyň dowamynda wideony gyzgyn kabul eden ýagdaýynda işläp başlaýar.
Bu gural blogçylara we brendlere, esasy tomaşaçylarynyň gyzyklanmasyny ýitirmek töwekgelçiligi bolmazdan, täze formatlary we pikirleri synap görmäge mümkinçilik berýär. Täze gural blogçylara wideonyň ýaramaz kabul ediläýmeginiň mümkindigi barada aladalanman, dürli formatlar, sýužetler ýa-da stiller bilen synag geçirmäge mümkinçilik berer. Kompaniýalar bolsa iň täsirli döredijileri saýlap, mahabat kampaniýalaryny synap görerler.
Funksiýa eýýäm üstünlikli synagdan geçirildi we ähli ulanyjylar üçin elýeterli boldy. Işletmek üçin programmany täzeläp, Trial opsiýasyny saýlamak ýeterlik. Synag wideolarynyň hemmesi garalamalaryň gapdalynda profiliň aýratyn wkladkasynda saklanýar.


09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

07.05.2026 00:06
2.7k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

05.05.2026 15:24
985

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

10.04.2026 19:09
3.3k+

Instagram basym Reels-e linkleri goşmak mümkinçiligini elýeterli etmekçi

Instagram täze funksiýany - Reels wideolaryna hyzmatdaşlyk linklerini goşmak mümkinçiligini elýeterli etjekdigini duýdurdy. Bu barada resmi Creators akkaundy yglan etdi....