Xiaomi resmi taýdan 15 Ultra modeliniň tanyşdyrylyş senesini anons etdi

  • 13.12.2024 15:22
  • 4.8k+

Täze Xiaomi 15 Ultra smartfonynyň tanyşdyrylyşy 2025-nji ýylyň fewralynda bolar. Smartfon seriýada Xiaomi 15 we 15 Pro-dan soň üçünji model bolar. Resmi maglumat Hytaýda 3C şahadatnamasy alnandan soň peýda boldy.

Habary Douyin platformasyndaky wideoda kompaniýanyň marketing bölüminiň ýolbaşçysy Lao Weý tassyklady.
Gurluşyň tehniki aýratynlyklary häzirlikçe belli däl, ýöne smartfonyň Snapdragon 8 Elite çipsetinde işlemegine garaşylýar. Şeýle-de, model täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 6,73 dýuým ekran we 1 dýuým sensorly kamera, 50 Mp telewik we 200 Mp periskopik kamera bilen üpjün ediler diýlip çaklanylýar.
Mundan başga-da, smartfon 90 Wt çenli çalt zarýad beriş kuwwaty bilen 5450-den 5800 mA/sag çenli sygymly akkumulýatora eýe bolup biler.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...