Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady

  • 12.12.2024 12:15
  • 4k+

Şu gün, 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygy bellenilip geçilýär. Bu şanly sene mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny gutlady.

"1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalaryna laýyklykda, Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Bu biziň halkymyzyň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda toplanan taryhy tejribesini, ynsanperwer taglymatlaryny, medeniýetini özünde jemleýän bitaraplyk ýörelgämize, dünýäde parahatçylygy, ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyza berlen ýokary bahadyr" diýip, döwlet Baştutany gutlagynda belleýär. Gutlag resmi metbugatda çap edildi.

Döwlet Baştutany bitaraplygy ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejede wajyp meseleleri dialog arkaly çözmegiň möhüm şerti hökmünde belledi.

"Biz geljek, 2025-nji ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz hem-de dünýäniň halklary üçin örän ähmiýetli senäni — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň şanly 30 ýyllygyny ýokary derejede belläp geçeris. Bularyň ählisi demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji we parahatçylyk söýüji halkymyzyň halkara at-abraýyny has-da belende göterýär, Ýer ýüzünde parahatçylyk, birek-birege düşünişmek, dostluk däplerini giňden dabaralandyrýar" diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtaýar.


şu gün 19:20
1.3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......