Baýramçylyk breýn-ringi: 15 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplary özara bäsleşik geçirdiler

  • 12.12.2024 09:20
  • 5.6k+

Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Halkara Bitaraplyk güni hem-de ýetip gelýän Täze – 2025-nji ýyl baýramyna bagyşlanylyp, Türkmenistanyň talypynyň gatnaşmagynda Açyk breýn-ringi geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary bäsleşikde birinji orun eýeledi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Intellektual bäsleşikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 15-siniň 100-e golaý talyplary duşuşdylar. Her ýokary okuw mekdepden düzüminde 6 talyp bolan 1 topar gatnaşdy. Degişlilikde, bäsleşige 15 topar gatnaşdy. 
Akyl-paýhas bäsleşiginiň dowamynda gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň Bitaraplygyna, onuň döwletdäki hem-de onuň çäklerinden daşardaky ähmiýetine we eýeleýän ornuna hem-de Täze ýyly baýram etmegiň taryhyna we däplerine degişli dürli gyzykly sowallar berildi.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň düzgünleri boýunça pikirlenip ara alyp maslahatlaşmak we jogap bermek üçin toparlara 1 minut wagt berildi. Şoňa görä-de, gatnaşyjylar biri-birinden öňürtmek üçin alyp baryjynyň sowallaryna örän tiz jogap bermäge çalyşdylar.
Eminler ikinji orny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň toparlaryna berdiler. 
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary üçünji orny paýlaşdylar. 
Çäräniň ahyrynda ýokary okuw mekdepde ýeňijiler sylaglanylyp, olara Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň diplomlary hem-de bäsleşigiň hemaýatkärlerinden sowgatlar gowşuryldy. 


23.06.2026 18:58
2.7k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......