"Xiaomi" naýbaşy sürüjilik mekdebini açar. Onda SU7 Ultra-nyň sürüjilerine 1,545 at güýjüni eýerlemegi öwrederler

  • 11.12.2024 19:10
  • 5.4k+

"Xiaomi" kompaniýasy "SU7 Ultra" elektrik awtoulagynyň eýelerini taýýarlamak üçin naýbaşy sürüjilik mekdebiniň açylandygyny habar berdi. Täze önüm indiki ýylyň mart aýynda satuwa çykarylar diýip, ITHome ýazýar.

Bu awtomekdep 1,545 at güýjüne eýe bolan elektrik hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan awtoulagy alyjylara, şeýle uly güýçli ulagy satyn almazdan ozal nähili dolandyrmalydygyny öwrederler. Öňünden sargyt beren müşderiler bu sürüjilik mekdebine gatnap bilerler diýip, kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szýun aýtdy.
"SU7 Ultra" üç sany elektrik hereketlendirijisi bilen işleýär: onuň öňki tekerleri V6 birlik (391 at güýji), yzky tekerleri iki sany V8 birlik (hersi 577 at güýji) bilen hereketlenýär. Bu ýokary dinamikany üpjün edýär we sürüjilerden ýörite taýýarlygy talap edýär.
Okuwlara ýazylmak ýakyn wagtda başlanar. Sürüjilik mekdebini okuwa taýýarlamak, şol sanda degişli işgärleri işe almak dekabr aýynyň ahyryna çenli tamamlanar.
Awtoulag üçin öňünden sargyt eýýäm açykdyr, onuň bahasy 112,200 dollar.  Leý Szýunyň pikiriçe, çykarylýança galan aýlar "SU7 Ultra-nyň" hilini gowulandyrmak üçin ulanylar diýip, 
ixbt.com ýazýar.


26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....

20.05.2026 11:31
1.8k+

Xiaomi YU7 GT krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň rekordyny goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrik krossoweri seriýaly SUV awtomobilleriniň arasynda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýolunda 7 minut 34.931 sekunt wagty görkezip, ýaryş ýolunyň täze rekordyny goýdy....

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

03.05.2026 23:50
1.4k+

Täze Xiaomi SU7 Max iň çalt dört gapyly sedan boldy

Täze Xiaomi SU7 Max Çžeszýan halkara ýaryş ýolunda 1:37.974 wagt görkezip, bahasy 500 müň ýuandan (takmynan 73 müň dollar) aşak bolan tapgyrlaýyn öndürilýän dört gapyly awtoulaglaryň arasynda iň çalt netijäni......