OpenAI kompaniýasy Sora wideo döredijisini işe girizdi we kämilleşdirilen o1 pro modelini hödürledi

  • 11.12.2024 18:46
  • 2.2k+

OpenAI täze önümleriň 12 günlük marafonynyň dowamynda täze işläp taýýarlamalary: ýazylyşyk boýunça elýeterli bolan Sora Turbo wideo döredijisini, kompaniýanyň ähli emeli aň modellerine çäksiz elýeterlilik bilen ChatGPT Pro premium nyrhnamasyny, şol sanda o1 modeliniň kämilleşdirilen o1 pro wersiýasyny anons etdi.

Sora Turbo modeli tekst beýanynyň esasynda wideo döretmek üçin niýetlenendir. Ulanyjylar 5 – 20 sekuntlyk we 1080p durulykda wideo döredip biler. Baha wideonyň hiline baglylykda “kreditlerde” hasaplanylýar. Mysal üçin, 480p wideonyň bahasy 20 – 150 kredite, 1080p – 2000 kredite barabar.
ChatGPT Plus ulanyjylary üçin (aýda 20 dollar) aýda 1000 kredit göz öňünde tutulan, täze ChatGPT Pro nyrhnamasy (200 dollar) bolsa 10 000 kredit we belliksiz wideo döretmek mümkinçiligini berýär.
Şol bir wagtyň özünde, OpenAI çylşyrymly hasaplamalar we logiki meseleler üçin kämilleşdirilen o1 pro modelini anons etdi. Kompaniýanyň wekili Jeýson Weýiň aýtmagyna görä, bu modele ýazylmak emeli aňdan işjeň peýdalanýan tejribeli ulanyjylara gönükdirilendir.

“Biz ChatGPT Pro-nyň auditoriýasynyň ChatGPT-niň tejribeli ulanyjylary – modelleri eýýäm matematika, programmirleme we ýazuw ýaly meselelerde öz mümkinçilikleriniň aňrybaşyna ýetirip bilýänler bolar diýip hasaplaýarys” – diýip, OpenAI-iň tehniki işgäri Jeýson Weý belledi.

Garaşsyz bilermenleriň hasaplamalaryna görä, o1 pro, esasanam, maglumatlar bilen işlemek, programmirleme ýaly ugurlarda has takyk we gutarnykly jogap berýär. Neýroulgam matematikada, ylymda we kodlamakda çylşyrymly meselelerden gowy baş çykarýar.
Pro nyrhnamasy Advanced Voice Mode ses funksiýasyny we GPT-4o üçin çäksiz elýeterliligi-de öz içine alýar.
OpenAI käbir ýazylyşyklary mugt paýlamakçy. Kompaniýa “öňdebaryjy edaralarda” lukmançylyk gözlegçilerine 10 sany ChatGPT Pro grantyny bermek boýunça programmany, şeýle-de geljekde “dürli ugurlar” boýunça goşmaça grantlary bermek meýilnamalaryny yglan etdi.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......