Zalsburgdaky fabrikada belli “Mosart” süýjüleriniň öndürilmegi bes edildi

  • 09.12.2024 23:50
  • 5.3k+

Zalsburgdaky (Awstriýa) Salzburg Schokolade fabrikasy belli “Mosart” süýjüleriniň (Mirabell Mozartkugeln) önümçiligini tamamlady. Önümçilik maliýe meseleleri sebäpli ýapyldy. Bu süýjüleriň soňky toplumy dekabr aýynda çykaryldy diýip, DerStandard neşiri habar berýär.

Kärhanany ýapmak çözgüdi Mirabell brendine eýeçilik edýän Mondelez amerikan kompaniýasy tarapyndan kabul edildi. Önümçilik daşary ýurda geçiriler, ýöne anyk ýer barada häzirlikçe maglumat ýok.
Salzburg Schokolade heniz 2021-nji ýylda batandygy barada arza berdi. Çökgünligiň esasy sebäbi koronawirus pandemiýasy we ýadygärlik süýjülerine bolan islegiň pese gaçmagyna getiren syýahatçylyk akymynyň azalmagy boldy. Şol wagt kompaniýanyň bergisi 27 mln ýewrodan geçýärdi.
2022-nji ýylda fabrikanyň aktiwlerini Rumyniýanyň KEX Confectionery topary satyn aldy, ýöne oňa ýagdaýy durnuklaşdyrmak başartmady we şol ýylyň dekabr aýynda önümçilik hem işgärleriň bir bölegi azaldyldy.
Salzburg Schokolade 1897-nji ýyldan bäri işledi. Özboluşly süýjüleriň taýýarlanyş usulyny 1890-njy ýylda ýerli konditer Paul Fýurst döretdi. Süýjüler Zalsburgda doglan kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň hormatyna atlandyryldy.
DerStandard Salzburg Schokolade tarapyndan öndürilen “Mosart” süýjüleriniň özboluşly önüm däldigini ýazýar. Neşiriň maglumatlaryna görä, XIX asyryň ahyrynda döredilen şol süýjüleri häzire çenli uly bolmadyk ýerli konditer fabrikasy öndürýär.
Süýjüler pissäniň, nogulyň we şokoladyň goşulmagy bilen marsipandan taýýarlanýar.


08.06.2026 08:03
5.2k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

04.06.2026 01:26
17k+

Awstriýada goýunlar üçin «sowut» ýasaldy: möjekden goranmagyň adatdan daşary usuly

Awstriýanyň Karintiýa sebitiniň ýaşaýjysy goýunlar üçin daşy tikenli gorag lybasyny oýlap tapdy. Bu lybas böriler hüjüm edende malyň heläk bolmak howpuny azaltmalydyr. Emma bu oýlap tapyş haýwanlary......

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......