Gyzylarbat etrabynyň Pensiýa gaznasynyň täze binasy açyldy

  • 09.12.2024 18:00
  • 9.9k+

Balkan welaýatynyň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň Gyzylarbat etrabynyň pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze gurlan üç gatly edara binasy açyldy.

Häzirki zaman hil ülňülerine laýyk bina edilen desganyň açylyş dabarasyna Balkan welaýat Gyzylarbat etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Binanynyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan «Gözel zaman» hususy kärhanasy ýerine ýetirdi. Ondaky iş otaglary ilata döwrebap hyzmat etmek üçin iň kämil kompýuter enjamlary we tilsimatlary bilen üpjün edildi.
Dabaranyň dowamynda tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....