Tom Tykweriň täze dramasy 2025-nji ýylda Berlin kinofestiwalyny açar

  • 09.12.2024 17:23
  • 1.8k+

Berlindäki ýubileý, 75-nji Halkara kinofestiwal germaniýaly kinorežissýor Tom Tykweriň “Yşyk” (Свет) dramasy bilen açylar. Bu barada festiwalyň direksiýasy habar berdi.

Film maşgala agzalary eýýäm birnäçe ýyl bäri biri-birinden daşlaşýan häzirkizaman maşgalasy we olaryň durmuşynyň Siriýadan syrly bir hyzmatkäriň peýda bolmagy bilen üýtgeýşi barada gürrüň berer.
Filmde baş keşpleri Lars Aýdinger, Nikolett Krebits, Tala Al-Din we beýlekiler ýerine ýetirdi. Bu Tykweriň soňky dokuz ýylda ilkinji filmidir. Režissýor “Parfýumer: bir ganhoryň kyssasy” (Парфюмер: история одного убийцы), “Ylga, Lola, ylga” (Беги, Лола, беги), “Bulut atlasy” (Облачный атлас), “Patyşa üçin gologramma” (Голограмма для короля ) ýaly filmler bilen hem tanalýar.
Berlinale 2025-nji ýylyň 13 – 23-nji fewralynda geçiriler. Emin agzalarynyň başlygy hökmünde režissýor Todd Heýns saýlandy.


şu gün 11:08
1.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....