Lando Norris “Formula-1-iň” Abu-Dabidäki jemleýji tapgyrynyň ýeňijisi boldy, çempion – Werstappen

  • 09.12.2024 08:00
  • 1.9k+

“Maklareniň” sürüjisi britaniýaly Lando Norris “Formula-1” çempionatynyň jemleýji, 24-nji tapgyry bolan Abu-Dabiniň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy.

Ikinji orny “Ferrariniň” sürüjisi Karlos Saýns, üçünji orny hem bu toparyň wekili Şarl Lekler eýeledi.
Şeýle-de, ilkinji onluga şular girdi: 4. Lýuis Hemilton (“Mersedes”); 5. Jorj Rassell (“Mersedes”); 6. Maks Werstappen (“Red Bull”); 7. Pýer Gasli (“Alpin”); 8. Niko Hýulkenberg (“Haas”); 9. Fernando Alonso (“Aston Martin”); 10. Oskar Piastri (“Maklaren”).
Saýns “Ferrari” üçin özüniň soňky ýaryşyny geçirdi. Ol 2025-nji ýyldan başlap “Uilýamsda” çykyş eder.
“Red Bull-yň” meksikaly sürüjisi Serhio Peres ikinji aýlawda ýaryşdan çykdy. Ol birinji aýlawda “Kik Zauberden” finlýandiýaly Waltteri Bottas bilen çaknyşdy. Öň, KHBS bu ýaryşyň Peresiň karýerasynda soňky bolup biljekdigini habar berdi. Bottas hem 32-nji aýlawdan soň ýaryşdan çykdy. Noýabr aýynda “Kik Zauber” onuň möwsümiň ahyrynda gitjekdigini mälim etdi.
Belläp geçsek, Hemilton üçin hem bu ýaryş “Mersedesiň” düzüminde soňky boldy. Ol 2025-möwsüminden  “Ferrari”  toparyna goşular.
Şeýlelikde, möwsümiň jemi boýunça, “Red Bull-yň” sürüjisi niderlandly Maks Werstappen “Formula-1-iň” umumy sanawynda ýeňiji we yzygider dördünji gezek çempion boldy.
Konstruktorlaryň kubogyny 1998-nji ýyldan bäri ilkinji gezek “Maklaren” utdy. Şol ýyl “Maklarene” ýeňşi britaniýaly Dewid Kulthard we finlýandiýaly Mika Hakkinen getiripdi. Topar üçin bu “Formula-1-de” dokuzynjy kubokdyr.


19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....