Dünýäde milliarderleriň sany 2682-ä ýetdi: 138 sany täze milliarder goşuldy

  • 09.12.2024 07:23
  • 9.5k+

2024-nji ýylda dünýäde milliarderleriň sany 2544-den 2682-ä çenli artdy, olaryň umumy baýlygy bolsa 17% ýokarlanyp, 14 trln dollar boldy. Bu barada UBS Billionaire Ambitions ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

2015-nji ýylda hasabat çykyp başlany bäri milliarderleriň sany 50%, olaryň umumy baýlygy bolsa 121% artdy.
On ýylyň dowamynda zenan milliarderleriň sany 190-dan 344-e ýetdi, olaryň umumy kapitaly bolsa 153% ýokarlanyp, 1,7 trln dollar boldy.
Soňky ýyllarda, esasanam, tehnologiýa milliarderleriniň kapitaly çalt ösdi – 2015-nji ýyldaky 789 mlrd dollardan 2024-nji ýylda 2,4 trln dollara çenli. Olaryň yzyndan 1,3 trln dollar baýlygy bilen senagatçylar gelýär.
Dünýä kapitalynyň ösüşine uly goşant goşanlar Demirgazyk Amerikadaky milliarderler boldy. Diňe soňky ýylda olaryň baýlygy 27,6%, 6,1 trln dollara çenli ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde hytaýly milliarderleriň baýlygy düzgünleriň güýjemeginiň esasynda azalýar.
2024-nji ýylda milliarderleriň 70%-i baýlygyny özbaşdak gazandy, galan 30%-i kapitaly miras aldy.

25.06.2026 20:11
3.4k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7.6k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......