Mercedes-Benz we Audi hytaý öndürijileri bilen bäsleşikde ýeňildi: HHR-de satuw peseldi

  • 08.12.2024 11:13
  • 10k+

Germaniýanyň awtoulag pudagy kyn ýagdaýy başdan geçirýär. Awtoöndürijileriň hytaý kompaniýalary bilen bäsleşmäge güýji ýetenok. Oktýabr aýynda Mercedes-Benz Hytaýda ýekeje-de Mercedes-Benz EQE elektrik sedanyny satyp bilmedi. 2024-nji ýylda kompaniýa bu modelden 300-e golaý birlik çykardy diýip, Focus žurnaly ýazýar.

Neşir oktýabr aýynda bu seriýadan ýekeje awtomobiliň hem Hytaýyň 1,4 mlrd raýatynyň arasynda alyjy tapmandygyny belleýär. Audi-niň elektromobil bölümçesi hem şeýle kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eýýäm 2023-nji ýylyň ortasynda VW-niň golçur kompaniýasy Audi E-Tron-yň ýerli önümçiligini bes etdi. Bellenilişi ýaly, geçen ýyl Audi 31 171 sany doly elektrik modelini satdy, bu hytaý bazarynda elektromobil satuwynyň 5%-inden hem azdyr.
Dünýäniň iň uly awtomobil bazarynda elektromobiller eýýäm satylan awtomobilleriň tas ýarysyny emele getirýär. Ýerli alyjylar BYD ýa-da Xiaomi kompaniýalarynyň elektromobillerini has makul bilýärler. Ulanyjylaryň we synçylaryň aýtmagyna görä, bu awtomobiller tehniki we baha-hil gatnaşygy taýdan özüni gowy görkezýär.


şu gün 08:16
1.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....