Xiaomi joraplar üçin kir maşyn çykardy: ol ses bilen dolandyrylýar we tozuň möçberini özi kesgitleýär

  • 08.12.2024 20:36
  • 8.3k+

Hytaýda Xiaomi-niň 1 kg egin-eşik ýüklemek üçin niýetlenen täze Mijia Mini Washing Machine kir ýuwujy maşynynyň deslapky satuwy başlandy. Ol ownuk egin-eşikler, mysal üçin, içki geýimler we joraplar üçin niýetlenip, birnäçe peýdaly funksiýalar bilen üpjün edildi.

Kir ýuwujy maşyn hatda stoluň üstünde ýerleşdirmek üçin hem ykjam bolup, ini 328 millimetre, beýikligi 461 millimetre, çuňlugy bolsa 452 millimetre barabar. Agramy 22 kg. Ol ses arkaly ýa-da Mijia ykjam goşundysy arkaly dolandyrmagy goldaýar. Mijia Mini Washing Machine göni herekete getiriji bilen üpjün edildi.
Geýimleriň takyk agramyny maşynyň özi kesgitleýär we awtomatik taýdan kir ýuwujy tozuň möçberini kesgitleýär. 20 sany kir ýuwmak režiminiň arasynda 95 °C temperaturada bug bilen arassalamak bolup, ol lukmançylyk ülňülerine laýyklykda egin-eşikleriň dezinfeksiýasyny üpjün edýär. Şeýle-de, tegmilleri aýyrmak üçin aýratyn režim, içki geýimleri ýuwmak üçin režim, 45 minutda çalt ýuwmak we guratmak, 15 minutda çalt ýuwmak bar. Ýüpek ýaly näzik matalar üçin bolsa temperaturany sazlamak bilen guratma usuly-da hödürlenýär.
Mundan başga-da, ýuwmak prosesi gutarandan soň 30 minutyň içinde eşikler çykarylmasa işjeňleşýän awtomatik ýelejiretmek funksiýasy göz öňünde tutuldy.
Mijia Mini Washing Machine kir ýuwujy maşynynyň bahasy 275 dollara barabar.


10.01.2026 10:30
2.7k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...

06.01.2026 14:33
3.2k+

Xiaomi HyperOS goldawyny 5 ýyla çenli uzaldýar: Täze modelleriň sanawy

Xiaomi kompaniýasy programma üpjünçiligini goldamak maksatnamasyny ep-esli giňeldýändigini yglan etdi. Indi Xiaomi, Redmi we Poco brendleriniň birnäçe enjamlary bäş ýyla çenli HyperOS täzelenmelerini alarlar. Bu täzelik saýlanan smartfonlar we planşetler üçin hem esasy operasion ulgamynyň täzelenmelerini hem-de täze funksiýalaryň yzygiderli girizilmegini öz içine alýar...

04.01.2026 22:08
4.2k+

Poco M8 smartfony 20:9 tarap gatnaşygy bilen segmentde iň berk egri displeýe eýe bolar

Xiaomi kompaniýasy 8-nji ýanwarda resmi tanyşdyrylyşy boljak Poco M8 smartfonynyň tehniki aýratynlyklaryny mälim etdi. Öndüriji täze smartfonyň öz hatarynda iň berk egri displeý bilen üpjün ediljekdigini aýdýar...

30.12.2025 16:47
6.7k+

Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasy kyn şertlerde we ýiti ýagtylykda synagdan geçirildi

Meşhur hytaýly bloger Sýaolu Lourens täze Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonyny synagdan geçirip, suratlary hödürledi. Bloger syýahat, fotosuratlar we wideograflar bilen meşgullanýar. Onuň Weibo platformasynda 1 milliondan gowrak agzasy bar...