Aşgabatda Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamanyň 15 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

  • 07.12.2024 17:14
  • 7.9k+

5-nji dekabrda Türkmenistan Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamada başlyklyk etmeginiň çäklerinde Şertnama gatnaşyjy döwletleriň «Bar bolan ýadro ýaragyndan azat zolaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek» atly maslahaty geçirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyk Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamanyň güýje girmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlandy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynda habar berdiler.
Duşuşygyň esasy maksady dünýäde bar bolan bäş sany ýadro ýaragyndan azat zolagyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden ybaratdyr.
Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, sebitiň Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, şeýle hem ýaragsyzlanmak we ýarag ýaýratmazlyk ugruna ýöriteleşen ýerli we daşary ýurt akademiki toparlaryň we ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyga Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň (OPANAL) Baş sekretary, şeýle hem Afrikanyň ýadro energiýasy boýunça komissiýasynyň Başlygy wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşmak üçin Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň bilermenleri Aşgabat şäherine geldiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow öz çykyşynda ýadro ýaragyndan azat zolaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjek bu duşuşygyň ähmiýetini belledi.
Merkezi Aziýadaky zolagyň Demirgazyk ýarymşarda döredilen ilkinji ýadro ýaragyndan azat zolakdygy bellenildi.
Türkmenistan Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk baradaky Şertnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmäge berk ygrarlydyr.
Duşuşygyň dowamynda taraplar bar bolan zolaklaryň arasynda aragatnaşygyň mümkin bolan mehanizmlerini we maglumat alyş-çalşygyny öz içine alýan netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmak we berkitmek boýunça çäreler barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.
Maslahat tamamlanandan soň, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak bilen Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň (OPANAL) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.


şu gün 07:51
988

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.5k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
952

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......