Türkmenistanyň 17 sany ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň wekilleri startap-taslamalarynyň esaslaryny özleşdirýärler

  • 07.12.2024 11:42
  • 7.9k+

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň wekilleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmen-Hindi innowasion tehnologiýalary merkeziniň binýadynda geçirilýän startap-taslamalary ösdürmek boýunça ýörite okuwlara gatnaşýarlar. Okuwlar 29-njy noýabrdan 10-njy dekabry aralygynda geçirilýär diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

«Hünär bilim edaralarynda innowasiýaly telekeçiligiň platformalaryny ösdürmek. Işewürlik-halypaçylygynyň esaslary» diýen at bilen geçirilýän okuw ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň 17-siniň 30-dan gowrak mugallymlaryny hem-de işgärlerini bir ýere jemledi.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, milli jemgyýetçilik bileleşikleri «Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesiniň» we «Türkmenistanyň ýaşlarynyň üstünlikleri» bilen bilelikde hem-de üstünlikli işleýän «Maslahatly Çözgüt», «Startap Merkezi» we «Eksport Konsalting» ýaly işewür toparlaryň goldaw bermeginde çäräniň guramaçylary bolup çykyş edýärler.
Mälim bolşy ýaly, netijeli ösüşiň hem-de döwletleriň ykdysadyýetleriniň bäsleşige ukyplylygynyň esasy çeşmesi ähli ulgamlara innowasiýalary ornaşdyrmakdyr. Bu bolsa innowasion startap-pikirleriň we ylmy işläp taýýarlamalaryň durmuşa geçirilişiniň netijesi bolup durýar. Şolary döretmek boýunça işler startap-taslamalarda alnyp barylýar. Dünýäniň ýurtlarynda şol taslamalaryň 40 göterime golaýy bilim edaralarynda ýerleşýär.
Okuwlaryň esasy maksady ýurdumyzyň 17 sany orta hünär okuw mekdeplerinde startap-taslamalary döretmekde, şol taslamalar üçin işgärleri taýýarlamakda, şeýle hem ýaş alymlara, öz innowasion taslamalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak isleýän startapçylar bolan pikirler bilen çykyş edýän awtorlara kömek etjek halypalary okatmakdan ybaratdyr.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......