HYYweÖU-nyň wekiliýeti Rumyniýanyň esasy ýokary okuw mekdeplerine baryp gördi

  • 07.12.2024 11:37
  • 1.9k+

Dekabryň başynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti Rumyniýa iş saparyny amala aşyrdy. Saparynyň çäklerinde wekiliýet Buharestiň politehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berdi.

Inžener tehnologiýalary pudagynda Rumyniýanyň iň uly uniwersitetleriniň birinde häzirki wagtda 15 fakultet bolup, onda 25000-den gowrak talyp bilim alýar. Duşuşykda Buharestiň politehniki uniwersitetiniň rektory Horiýa Nekula rumyn uniwersitetiniň taryhy, gurluşy, akademiki we halkara işleri barada jikme-jik gürrüň berdi, türkmen uniwersiteti bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi.
Öz gezeginde, bu duşuşygyň ähmiýetini belläp, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şihlyýew özara peýdaly hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny, hususan-da, maglumat tehnologiýasy pudagyny belläp geçdi. N.Şihlyýew bu ugurda ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli işlenip düzülen döwlet Konsepsiýanyň durmuşa geçirýändigini belledi. Ol pudaklaryň ählisiniň tehnologiki taýdan özgermegini we olaryň döwlet tarapyndan dolandyryşyny, çeşme we önümçilik mümkinçiligi esasynda bilim ykdysadyýetini kemala getirmek üçin Ýol kartasyny öz içine alýar.
Duşuşygyň jemi boýunça taraplar kompýuter tehnologiýasy ulgamynda 1+1 ulgamy boýunça iki diplom meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň, şeýle hem özara gyzyklanylýan beýleki ugurlardaky işleri işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi meýilleşdirdiler.
Şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory, şeýle hem Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň wekilleri Ploýeşti nebit-gaz uniwersitetine baryp gördüler. Rumyn uniwersitetiniň rektory Alin Dinisa bilen geçirilen duşuşykda taraplar bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Alin Dinisa özara gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdi we akademiki bilim, barlaglar we ylym, talyplar we mugallymlar alşygy ýaly ugurlary görkezdi. Rektor, şeýle hem Erazmus + maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň tejribesi barada habar berip, bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.
Iki uniwersitetiň arasyndaky hyzmatdaşlygy jähtinden türkmen tarapy Ploýeşti nebit-gaz uniwersitetiniň mugallymlaryny we talyplaryny 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň geçirýän matematika dersi boýunça halkara olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrdy. Duşuşyga gatnaşyjylar olimpiadalaryň akademiki toparlary birleşdirmek, ýurtlaryň arasynda dostlugy we parahatçylygy ýola goýmagyň guraly hökmünde ähmiýetini bellediler.


23.06.2026 18:58
2.7k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......