Türkiýäniň DIM-niň öňki ýolbaşçysy OSCE-niň täze Baş sekretary boldy

  • 07.12.2024 08:20
  • 2.8k+

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň öňki ýolbaşçysy Feridun Sinirlioglu Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OSCE) Baş sekretary wezipesini eýeledi. Onuň wezipä bellenmegi barada guramanyň häzirki başlygy, Maltanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ýan Borg habar berdi diýip, TASS belleýär.

Borg öz habarynda OSCE-niň esasy wezipelerine beýleki bellemeler barada hem mälim etdi. Şeýlelikde, Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býuronyň müdiri wezipesine Gresiýadan Mariýa Telalýan bellenildi. OSCE-niň milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary Niderlandlardan Kristof Kamp, guramanyň KHBS-iň azatlygy meseleleri boýunça wekili bolsa Norwegiýadan Ýan Braatu boldy.
Feridun Sinirlioglunyň Türkiýäniň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili bolmak ýaly uly diplomatik tejribesi bar.
Sinirliogludan öň OSCE-niň Baş sekretary wezipesini Helga Mariýa Şmid eýeledi. Ol bu wezipäni 2020-nji ýyldan bäri üç ýylyň dowamynda eýeledi, soňra 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli gaýtadan saýlandy.
OSCE 1973-nji ýylda esaslandyryldy. Onuň düzümine 57 döwlet girýär. Gurama Ýewropada, Merkezi Aziýada we Demirgazyk Amerikada halkara dialogy goldamakda we dawa-jenjelleri çözmekde möhüm rol oýnaýar.


13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
3.5k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
6k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......