NASA Aýdaky astronawty halas etmek boýunça bäsleşik geçirýär

  • 06.12.2024 20:53
  • 5.5k+

NASA “Artemis” missiýasynyň agzalarynyň biri özbaşdak hereket edip bilmedik ýagdaýynda Aýda astronawtlary ewakuasiýa etmäge mümkinçilik berýän ulgamy işläp taýýarlamak üçin bäsleşik yglan etdi. 20 müň dollar möçberde baýragy gowşak grawitasiýa şertlerine laýyk gelýän iň gowy çözgüdiň awtory alar.

Ýumuş Aýyň üstünde ýörite awtoulagyň ýok ýagdaýynda astronawty iki kilometr aralyga alyp gitmek üçin gurluşy döretmekden ybarat. Gurluş ykjam bolmaly, 23 kg-den agyr bolmaly däl we bir adam tarapyndan ulanylmaly.
2025-nji ýylyň sentýabr aýynda başlajak “Artemida” missiýasy Aýa on günlük uçuşy öz içine alar. Takmynan, bir hepde dowam etjek Aýyň üstüne gonuş 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde, Aýda hereket etmek üçin ulag serişdesi diňe 2030-njy ýyla çenli taýýar bolar, bu hem aralykdaky ýyllarda astronawtlary ewakuasiýa etmek meselesini kynlaşdyrýar.
Pes dartyş güýji ýaly Aýyň aýratynlyklary hem halas ediş ulgamyna talap bildirýär. NASA-nyň bildirişiniň ýerleşdirilen açyk bäsleşikleriň saýtyna görä, Ýerde “Artemis” missiýasy üçin täze Axiom Extravehicular Mobility Suit skafandryndaky adamyň agramy 343 kilograma barabar. Aýda gowşak dartyş güýji sebäpli şeýle agram 57 kilograma öwrülýär. Muňa garamazdan, halas ediş enjamy adatdan daşary şertleriň hereket edýän ýerinde – Aýyň günorta polýusynda işlemek üçin ýeterlik derejede ýeňil we netijeli bolmaly.   
Belläp geçsek, häzire çenli taslanan iň agramly skafandrlar hem 175 kilogramdan geçmedi. Skafandrlar boýunça konstruktor Nikolaý Moiseýewiň pikiriçe, hatda şeýle agram hem Aý şertlerinde ygtybarly däl.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....